Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli küşt oýny boýunça onlaýyn ýaryşy geçiriler

Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli lichess.org internet portalynda küşt oýnunyň çalasyn görnüş (blitz) boýunça onlaýn ýaryş geçirilýär.
Ýaryş 2021-nji ýylyň15-nji maýynda sagat 19:00-da başlanýar. Oňa gatnaşmak isleýänler şol gün sagat 15:00-a çenli ady agzalan portalda özlerini bellige aldyrmalydyrlar.

Ýaryşyň geçiriliş tertibi:
— ýaryş FIDE-niňkadalaryna laýyklykda geçirilýär;
— her oýunça berilýän wagt 3 minut we goşmaça 1 sekunt;
— ýaryş 11 döwden ybarat bolup, şweýsar usulynda geçirilýär;
— ýaryşda iňköp utuk toplan türgen ýeňiji diýlip yglan ediler. Utuklaryňsany deňbolan ýagdaýynda, ýeňiji goşmaça görkezijiler (koeffisient, özara duşuşygyňnetijesi, utuklaryňjemi we ş.m.) boýunça anyklanar.

Ýaryşyň ýeňijilerine Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Küşt federasiýasynyň Hormat hatlary, ýörite sowgatlary gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
(+993 61) 29-28-43,
(+993 64) 09-85-64,
(+993 64) 06-48-81,
(+993 12) 21-18-15.

Read also