Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýa hünär ýokarlandyrmak boýunça okuwa ugtamak üçin söhbetdeşlik yglan edýär

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň dolandyryş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw çäreleriniň 2022-nji ýyldaky tapgyryna gatnaşjak, döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgärleri seçip almak üçin söhbetdeşlik yglan edýär.

Söhbetdeşlik 2022-nji ýylyň 30-njy maýyndan 3-nji iýuny aralygynda geçirilýär. Okuwa diňleýjiler söhbetdeşlik esasynda kabul edilýär. Türkmen hem-de nemes telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen meýilnamalary taýýarlan dalaşgärlere 2022-nji ýylyň dowamynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek okuwlara gatnaşmak we Germaniýa Federatiw Respublikasynda iki hepdelik tejribe geçmek (dünýäde dörän ýagdaý zerarly girizilen çäklendirmeler aýrylan ýagdaýynda) mümkinçiligi döredilýär. Dalaşgärler nemes, iňlis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidir.

Söhbetdeşlige gatnaşmaga isleg bildirýänler şu ýylyň 20-nji maýyna çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly. Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:

  • Ýokary bilimli bolmaly
  • Telekeçi ýuridik şahslaryň ýolbaşçysy, düzüm birliginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly (Aşgabat şäheri we welaýatlar)
  • Dalaşgäriň azyndan 2 (iki) ýyl iş tejribesi bolmaly

Goşmaça maglumatlary we doldurylmaly zerur resminamalaryň sanawyny www.fineconomic.gov.tm saýtyndan görüp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 39-43-55

+993 12 39-45-72

Author:
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi
Read also
2022