TSTB-niň Balkan welaýat bölümi birnäçe desgalary gurmak üçin ýerli kärhanalary hyzmatdaşlyga çagyrýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna we Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, birleşmäniň agzalaryna Balkanabat şäherinde, Bereket hem-de Serdar etraplarynda şu aşakda görkezilen desgalary gurmak üçin hyzmatdaşlyga çagyrýar:

  1. Balkanabat şäherindäki ösen senagat zolagynda 22 ga meýdanda önümçilik desgalary gurmak;
  2. Balkanabat şäherinde 7,5 ga meýdanda hususy gurluşyk kompaniýalarynyň önümçilik bazasyny gurmak;
  3. Serdar etrabynyň Arkaç geňeşliginiň çäginde 1 sany 300 orunlyk Toý mekany gurmak;
  4. Serdar etrabynyň Arkaç geňeşliginiň çäginde 1 sany 50 m2 Azyk we senagat harytlary dükany gurmak;
  5. Bereket etrabynyň Gulmaç geňeşliginiň çäginde 1 sany 300 orunlyk Toý mekany gurmak;
  6. Bereket etrabynyň Gulmaç geňeşliginiň çäginde 1 sany 1000 m2 Hyzmatlar öýi gurmak;
  7. Bereket etrabynyň Gulmaç geňeşliginiň çäginde 1 sany Söwda merkezi (bazarly) gurmak;
  8. Serdar etrabynda (“Altyn asyr” Türkmen köli) 1 sany bir gatly azyk we senagat harytlary dükany gurmak.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (222) 2-10-77

+993 (222) 2-20-77

Faks:

+993 (222) 2-09-77

Author:
TSTB-niň Balkan welaýat bölümi
Read also
2022