Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirilýär

Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Hazar şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2022-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Hazar şäheriniň Himikçiler köçesiniň 15-nji ýaşaýyş jaýlar toplumynda ýerleşýän şäher bilim bölüminiň 4-nji orta mekdebinde sagat 15:00-dan 17:00-a çenli ilata boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýärler.

Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini haýyş edýär, işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaga çagyrýar.

Telefon belgileri: (+993 240) 2-43-70, 2-45-17.

Read also
2022