USAID-iň Taslamasy «TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň iş orunlar ýarmarkasyna iş berijileri çagyrýar

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy "Sanly Bilim" okuw merkezi bilen bilelikde "TechYouth Bootcamp" maksatnamasynyň iş orunlar ýarmarkasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän iş berijilerden ýüztutmalaryň kabul edilişigi barada yglan edýärler.

Bu çäre iş berijilere alty aýlyk intensiw okuwy üstünlikli tamamlan we başarnyklaryna we isleglerine baglylykda aşakdaky hünärleriň birini özleşdiren "TechYouth Bootcamp" maksatnamasynyň uçurymlaryndan işgärleri we/ýa-da stažýorlary saýlamaga mümkinçilik döreder:

  • Web-sahypalary işläp düzmek (Website development)
  • Mobile programmalary işläp düzmek (Mobile app development)
  • Grafiki we UI/UX dizaýny (Graphic and UI/UX design)
  • IT ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek we dolandyrmak (IT system maintenance and administration)

Maksatnamanyň uçurymlary komandada işlemek, aragatnaşyk endiklerini we taslamalaryny hödürlemek ukybyny hem özleşdirdiler.

"TechYouth Bootcamp" maksatnamasy IT ugurlar boýunça ýaş hünärmenlerini taýýarlamaga gönükdirilendir we "bootcamp" görnüşinde "doly çümmek" bilen alty aýlyk intensiw kursyny öz içine alýar. Bu maksatnama USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy "Sanly Bilim" okuw merkezi bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüldi we durmuşa geçirilýär.

Iş beriji hökmünde iş orunlar ýarmarkasyna gatnaşmak üçin aşakadaky baglanyşykdaky hasaba alyş formasyny 2023-nji ýylyň iýun aýynyň 8-ne sagat 18:00-a çenli doldurmaly.

Registrasiýa üçin şu salgy boýunça geçiň.

 Ýarmarka 2023-nji ýylyň iýun aýynyň 10-da "Arçabil" myhmanhanasynda geçiriler.

Başlanýan wagty: 14.00

Soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda şu elektron salgysy boýunça ýüz tutup bilersiňiz: HAtabayev@q2impact.com

Read also
2022