Ýerli boýag markasy müşderileri özüne çekýär

BT
Ýerli boýag markasy müşderileri özüne çekýär
Aşgabatda ýerleşýän “Töwerek” hojalyk jemgyýeti 2018-nji ýylda özüniň täze we “Trend” haryt nyşany bilen boýag bazaryna girdi.

Jaýynyň diwarlarynyň reňkini täzelemek isleýän adam üçin, boýag saýlamak we diwarlaryň reňkini sazlamak ýaly çylşyrymly zat ýok bolsa gerek. Adatça, munuň üçin boýag dükanyna baryp, ak ýa sary reňkiň 100 görnüşi görkezilen katalogyň ýapraklaryny bäşe düşürmek ýa-da esasy otagyň diwarynda wanil reňkiň krem reňkden nähili tapawutly görünjekdigine göz ýetirmek, ýa bolmasa, aşhananyň diwarynda plastik boýag ulanmalymy ýa munuň üçin silikonly boýag saýlamalymy diýen soraga göwnejaý jogap tapmak üçin köp wagt sarp edilýär.   

Emma indi jaýynyň diwarlaryna boýag saýlamak isleýänler üçin bu tapmaça ýeňilleşdi. Aşgabatda ýerleşýän “Töwerek” hojalyk jemgyýeti 2018-nji ýylda özüniň täze “Trend” haryt nyşany bilen boýag bazaryna girip, gurluşyk dizaýnerleri we ahyrky sarp edijiler üçin has gowy çözgütleri ýola goýmagy maksat edindi. Boýaglar Türkmenistanda öndürilýär. Müňlerçe reňkiň arasyndan baş alyp çykmaga derek, müşderiler ýörite saýlanan 500 sany iň ýörgünli reňkleri gözden geçirýärler we dükanyň özünde kompýutere birikdirilen reňk garyjy enjamyň kömegi bilen boýag ýasadýarlar. Gülgüne reňk gerekmi? “Trend” iň gowy bäşisini hödürleýär. Agyrak reňk göwnüňizden turýamy? Maslahat üçin tanyş-bilişleriňize ýüz tutmaga hajat ýok. “Trend” ak reňkiň iň ýörgünli bäş görnüşini saýlamaga mümkinçilik döredýär.

Reňk, görnüş we kategoriýa

Adaty sarp edijiler üçin, boýagyň reňkini we dogry görnüşini saýlamak aňsat däl. Emma “Trend” haryt nyşanynyň  boýag maslahatçylarynyň bu ugurda 10 ýyldan gowrak tejribeleri bar. Olar reňkleri sazlaşykly düzmekde we boýagy diwara talabalaýyk çalmakda öz işleriniň ussadydyr.

Otagyňyzyň diwarlaryny boýmak diňe bir reňk saýlamakdan ybarat däldir. Siz ýene-de bir uly karar almaly: nähili boýag ulanmaly? Häzirki döwürde bazardaky diwar boýaglarynyň köpüsi suw esaslydyr, sebäbi ony ulanmak aňsatdyr. Suw esasly boýaglar esasan üç topara bölünýär: ýalpyldysyz, ýarym ýalpyldyly, ýalpyldyly.

Suw esasly boýaglaryň peýdalary:

  • Diwary boýag üçin ýörite taýýarlamak zerur däl
  • Heňlegen däl
  • Dem almak üçin zyýanly däl
  • Suw bilen arassalamak aňsat
  • Çalt guraýar
  • Ownuk jaýryklary örtüp bilýär, maýyşgak bolýar
  • Islendik suwagly diwarlara çalyp bolýar
  • Reňki durnukly saklanyp galýar, saralmaýar, solmaýar

Astar hem boýag işiniň möhüm bir bölegidir. Bu hem boýaga meňzeş suwuklykdyr, edil boýag ýaly ulanylýar. Emma ol diwar üçin iň soňky gatlak däldir. Astar boýagyň ýelimi hökmünde ulanylýar, boýagyň diwaryň ýüzünde uzak wagtlap saklanyp galmagyna şert döredýär.    

“Trend” aşakdaky ýokary hilli boýag görnüşlerini müşderilere hödürleýär:

  • Içki diwar üçin plastik boýag
  • Içki diwar üçin ýalpyldysyz silikonly boýag
  • Içki diwar üçin ýarym ýalpyldyly silikonly boýag
  • Potolok üçin boýag
  • Daşky diwar üçin akrilik boýag
  • Daşky diwar üçin silikonly boýag
  • Daşky diwar üçin teksturly boýag
  • Içki diwar üçin boýag astary
  • Daşky diwar üçin boýag astary
  • Kafel üçin doldurgyç

“Trend” boýaglary barada goşmaça maglumat almak üçin +99312413360 telefon belgisine jaň ediň ýa-da contact@towerek.com salgysyna elektron hat ýollaň.

2022