Türkmen kompaniýasy ýerli bazary broýler jüýjeleri bilen üpjün etmäge başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy ýerli bazary broýler jüýjeleri bilen üpjün etmäge başlady
Toplum broýler jüýjeleriniň ýylda 25 million sanysyny öndürmäge ukyplydyr.

“Diýar guşy” hojalyk jemgyýeti ýerli bazary öz öndürýän broýler jüýjeleri bilen üpjün etmäge girişdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Diýar guşy” Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde broýler jüýjelerini (ROSS-308) öndürýän fermalar toplumyny ulanyşa girizdi.

Kärhanada bir inkubator ulgamy, 16 sany tohumçylyk we dört sany ýetişdirme fermasy bolup, olarda Türkiýe, Belgiýa ýaly döwletleriň enjamlary oturdyldy.

Kompaniýa tohumçylyk fermalaryndaky towuklardan alan ýumurtgalarynyň 90%-i inkubator üçin ulanyp, olaryň 80%-den jüýje çykarýar.

Toplum broýler jüýjeleriniň ýylda 25 million sanysyny öndürmäge ukyplydyr. Toplumyň önümçilik kuwwaty towukçylyk bilen meşgullanýan ýerli telekeçileri jüýje bilen dolulygyna üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

“Diýar guşy” hojalyk jemgyýeti toplumyň çägindäki gurluşygy tamamlanan iým zawodynda enelik towuklar üçin ýörite iým öndürmegi ýola goýdy.

Kompaniýa daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge gönükdirilen maksatnamanyň esasynda hereket etmek bilen, ýerli bazary dolulygyna üpjün edenlerinden soňra, broýler jüýjelerini goňşy ýurtlara eksport etmegi hem maksat edinýär.

2022