Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi degişli hünärler boýunça talyplyga kabul edýär

“Türkmen gaz” Döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi 2021-2022-nji okuw ýyly-üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär.

Başlangyç hünär okuw bölümi:
1-ýyl 6-aý okuw möhletli:

1. Apparat we programma üpjünçiligini sazlaýjy.
2. Kompýuter tehnikalaryny bejeriji we hyzmat ediji ussa.
3. Awtomatlaşdyrylan elektrik aragatnaşygynyň elektro mehanigi.
4. Barlag-ölçeg abzallary we awtomatika boýunça elektro slesar.
5. Elektrik üpjünçiligi (nebit gaz pudagy boýunça).
6. Magistral turba geçirijileriň hyzmaty boýunça ussa.
7. Nebit we gaz desgalaryna tehniki hyzmat ediji hem-de abatlaýjy ussa.
8. Nebiti we gazy ýygnaýjy hem-de akdyrmaga taýýarlaýjy ussa.
9. Nebit we gaz çykaryjy operator.
10. Awtomehanik.
11. Buhgalterçilik işi.

10-aý okuw möhletli:
1. Elektro montýor.
2. Barlag-ölçeg enjamlary we awtomatika boýunça slesar.
3. Gorag-ýangyn signalizasiýasynyň elektro montýory.
4. Nebit-himiýa önümçiliginiň operatory.
5. Himiki derňewiň laboranty.
6. Nebit we gaz guýularynyň operatory.
8. Nebiti we gazy ýygnaýjy hem-de akdyrmaga taýýarlaýjy operator.
9. Ulag terminalynyň operatory.
10. Dispetçer gullugynyň operatory.
11. Resminama dolanyşygy, informasiýa we guramaçylyk işi.
Başlangyç hünär okuw bölümine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netije leri boýunça kabul edilýär.
Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 10-aý ýa-da 1 ýyl 6 aý hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary: Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde
2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta bilimi barada resminamanyň asyl nusgasy;
bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
ýaşaýan ýerinden kepilnama;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
3x4 sm. möçberindäki alty sany foto surat.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.
pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä haty;

Dalaşgärler talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip bilerler. Nädogry berlen maglumatlar we resmi kagyzlar üçin dalaşgär şahsy jogap kärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 26-28-i günlerinde “Türkmen gaz” Döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde (Mary ş.) geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika we Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberil meýär.
Nebit gaz orta hünär okuw mekdebinde başlangyç hünär okuw bölüminde 6 aý möhlete çenli aşakdaky hünärler boýunça gysga möhletli okuwlar alnyp barylýar.

4-aý möhletli
1. Nebit önümlerini gaýtadan işleýän enjamlaryň operatory.

3-aý möhletli
1. Kompýuter sowatlylygy.
2. Iňlis dili.
3. Rus dili.
4. Buhgalter hasabatynyň esaslary.
5. Nebit önümlerini iberiji stansiýalaryň operatory.

Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlaryň sanawy:
bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
pasportynyň göçürmesi;
bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;
3x4 sm. möçberindäki 2 sany foto surat.

Bellik: a) 10 aý we 1 ýyl 6 aý möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakyndaky diplom berilýär;
b) gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere döwlet nusgasyndaky şahadatnama berilýär.

“Türkmen gaz” Döwlet konserniniň Mary nebit gaz orta hünär okuw mekdebiniň salgysy:
Mary şäheri, Kemine köçesiniň 33-nji jaýy

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
4-66-65, 4-66-02, 4-66-10.

Читайте также
ОТПРАВИТЬ НАМ НОВОСТИ
ОТПРАВИТЬ