TSTB-niň Lebap welaýat bölümi desgalary gurmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat bölümi birleşmäniň agzalaryny welaýatynyň çäginde öz serişdeleriniň we çekilen serişdeleriň hasabyna aşakdaky desgalary gurmaga çagyrýar.

1) Döwletli etrabynyň Dostluk şäherçesinde her biriniň ýyllyk kuwwatlylygy 50 müň tonna gurluşyk garyndy materiallaryny öndürýän kärhanalaryň 2-sini (hersiniň ýer bölegi – 5 gektar).

2) Çärjew etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 4320 tonna demir gurnama önümlerini öndürýän kärhana (ýer bölegi – 2 gektar).

3) Çärjew etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 400 tonna et öndürmäge barabar bolan şahly iri maldarçylyk toplumy (ýer bölegi – 455 gektar).

Ýokarda atlary agzalan önümçilikleri gurmaga isleg bildirýänler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölümine ýüz tutup bilerler.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 800422 4-37-79; 800422 2-10-45.

Читайте также
ОТПРАВИТЬ НАМ НОВОСТИ
ОТПРАВИТЬ