Mary welaýatynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär

Mary welaýat adalat bölümi 2022-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda welaýat adalat bölüminde sagat 10.00-dan 12.00-a çenli welaýat adalat bölüminiň, welaýat prokuraturasynyň, welaýat kazyýetiniň jogapkär işgärleriniň we Mary şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň, welaýat häkimliginiň wekiliniň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligini geçirýär.

Kabul edişlik Mary şäheriniň Gökdepe köçesiniň 4-nji jaýynda sagat 10.00-da başlanýar.

Автор:
Mary welaýat adalat bölümi
Читайте также
ОТПРАВИТЬ НАМ НОВОСТИ
ОТПРАВИТЬ