ГТСБТ

“Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky telekeçiler üçin öz hyzmatlaryny hödürleýär

Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky “Hususy telekeçileriň ygtyýarly karz edaralaryndaky bank hasaplaryna gelýän nagt däl pullary nagt görnüşde çykdajy etmegiň ýa-da fiziki şahslaryň hasabyna geçirmegiň Tertibine” laýyklykda telekeçiniň bir aýyň dowamynda:

- nagt pul görnüşinde hasaplaşyk hasabyna tabşyran möçberiniň 75 göteriminiň çäginde;

- töleg terminallaryny ulanmak arkaly geçirilen hasaplaşyklardan gelen möçberiniň 50 göteriminiň çäginde;

- satyn almak-satmak şertnamasy esasynda bölek söwda işini amala aşyrýan telekeçiniň öz hyzmat edýän karz edarasyna nagt görnüşinde tabşyran pul serişdesiniň degişli karz edarasynyň üsti bilen lomaý söwda işini amala aşyrýan telekeçiniň hasaplaşyk hasabyna geçirilende 70 göteriminiň çäklerinde çykdajy etmäge rugsat berilýär.

Bankyň merkezi edara bilen habarlaşmak üçin telefon: 44-03-04.

Владелец:
“Türkmenistan” DTB
Читайте также
ОТПРАВИТЬ НАМ НОВОСТИ
ОТПРАВИТЬ