ГТСБТ

“Halkbank” döwlet täjirçilik banky “Halkbank terminal” hyzmatyny hödürleýär

Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky, söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň eýelerine hem-de olaryň müşderilerine amatly şertleri döretmek maksady bilen, sanly bank önümi bolan “Halkbank terminal” atly täze hyzmatyň işe girizilendigini habar berýär.

“Halkbank terminal” – bu döwrebap we ygtybarly tehnologiýalaryň esasynda taýýarlanylan hem-de nagt däl hasaplaşyklarda ulanylýan adaty töleg terminalynyň ýerini tutup biljek ykjam programma üpjünçiligi. Siz “Halkbank terminal” mobil ulgamyny öz ykjam telefonyňyza gurnamak bilen, harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri kabul etmek, amaly ýatyrmak ýa-da yzyna gaýtarmak, kassany ýapmak we söwdanyň jemi möçberini çykaryp görkezmek, amallaryň taryhyny görmek ýaly hyzmatyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilersiňiz.

Satyn alnan harydyň ýa-da hyzmatyň bahasy ykjam telefonyňyzda ornaşdyrylan “Halkbank terminal” mobil ulgamy arkaly girizilýär hem-de töleg geçirilýär. Ykjam telefonlarda “NFC”, ýagny, galtaşyksyz töleg tehnologiýasy gurnalan bolsa, onda tölegi geçirmek üçin müşderiniň bank kartyny degişli telefona ýakynlaşdyrmak ýeterlikdir.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (99312) 44-48-37, (99312) 22-73-23.

Владелец:
“Halkbank” DTB
Читайте также
ОТПРАВИТЬ НАМ НОВОСТИ
ОТПРАВИТЬ