Türkmenistanda öndürilen plastik paletler kärhanalaryň işini aňsatlaşdyrýar

Türkmenistanda öndürilen plastik paletler kärhanalaryň işini aňsatlaşdyrýar

Dürli görnüşli ýükleri götermäge niýetlenen paletler zawodlaryň we kärhanalaryň taýyn önüm ammarlarynyň esasy abzallarynyň biri bolup durýar. Paletler önümleriň zemin bilen galtaşygyny kesmek we olary daşamak babatynda öndürijileriň işini görnetin aňsatlaşdyrýar.

Agaçdan ýasalan paletleriň ulanylmaga başlanmagy biziň eramyzdan öňki birinji müň ýyllyga çenli baryp ýetýän hem bolsa, gazhimiýa senagatynyň kämilleşmegi bilen plastik paletleriň önümçiligi ýola goýuldy. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda öndürilip başlanan plastik paletleriň agaja görä has çydamly bolmagy, olaryň bazarda gysga wagtda ýaýramagyna getirdi.

Plastik paletler adaty agaç paletlere garanyňda has ýeňil bolup, göterijilik kuwwaty has ýokary bolýar. Olaryň himiki düzümi bolsa dürli usullar bilen arassalamaga mümkinçilik berýär. Tejribelere görä, agaç paletleriň çydamlylyk möhleti 2 ýyla çenli dowam edýän bolsa polipropilenden ýasalan paletleriň çydamlylyk möhleti 10 ýyla çenli uzaýar.

Harytlary we dürli görnüşli ýükleri adaty agaç paletlerde daşamak käbir kynçylyklary döredýär. Olaryň çygly we öl şertlerde çalt zaýalanmagy haryda hem öz täsirini ýetirýär. Plastik paletler suwa we islendik howa şertlerine çydamlylygy bilen eksporta haryt ugradýanlaryň işini aňsatlaşdyrýar. Ýükleri daşamakda has oňaýly mümkinçilikler döredýän bu paletler birnäçe gezek, dürli maksatlar üçin ulanylyp bilner.

Ýaramlylyk möhleti tamamlananyndan soňra gaýtadan işlenmäge ýarawsyz bolan agaç paletleriň köp ulanylmagy tokaýlaryň azalmagyna getirýär. Munuň tersine, plastik paletleri gaýtadan işläp, täze şekillerde, täze pudaklarda ulanmak mümkin.

Türkmenistanda hem plastik paletleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Bu paletler ölçegine we göterijilik kuwwatyna göre tapawutlanýar. Uzynlygy we ini 1.2 metr, beýikligi 15 santimetr bolan plastik paletleriň 18 kilogramlygynyň göterijilik kuwwaty duran ýagdaýynda 4.5 tonna, hereket ýagdaýynda 1.5 tonna deňdir. Bu paletiň 17 kilogramlygy bolsa duran ýerinde 4 tonna, hereket ýagdaýynda 1 tonna ýük götermäge ukyplydyr. Plastik paletleriň 1.1x1.3 metr ölçegindäki görnüşleri hem bar.

Ýurdumyzda öndürilýän plastik paletler -20 gradusdan +60 gradusa çenli çydamlydyr. Polipropilen we polietilenden ýasalan bu paletler himiki serişdeleriň saklanylyşynda hem ulanylyp bilner.

Ýerli senagatamyzda öndürilýän plastik paletleri sargyt etmek üçin: +993 63 175265

2022