Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirilýär

Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Magtymguly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda Magtymguly etrabynyň Durdyhan Ýanyk köçesiniň 7-nji jaýynda sagat 09:00-dan 11:00-a çenli ilata boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini, işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, ege rbar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşyp bilerler.

Salgysy: Magtymguly etrabynyň Durdyhan Ýanyk köçesiniň 7-nji jaýy.

Telefon belgileri:

+993 (248) 4-04-20

+993 (248) 4-18-81

Awtor:
Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi
Bulary hem okaň
2022