TSTB-niň Balkan welaýat bölümi gurluşyk işleri boýunça kärhanalary hyzmatdaşlyga çagyrýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna we Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, birleşmäniň agzalaryna Balkanabat şäherinde, Bereket hem-de Gyzylarbat etraplarynda şu aşakda görkezilen desgalary gurmak üçin hödürleýär:

  1. Balkanabat şäherinde 20 ga meýdanda Ösen senagat zolagynda önümçilik desgalary gurmak;
  2. Balkanabat şäherinde 7,5 meýdanda Hususy gurluşyk kompaniýalarynyň önümçilik bazany gurmak;
  3. Gyzylarbat etrabynyň Arkaç geňeşliginiň çäginde 1 sany 300 orunlyk Toý mekany gurmak;
  4. Gyzylarbat etrabynyň Arkaç geňeşliginiň çäginde 1 sany 50 m2 Azyk we senagat harytlary dükany gurmak;
  5. Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesiniň çäginde 1 sany 300 orunlyk Toý mekany gurmak;
  6. Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesiniň çäginde 1 sany 1000 m2 Hyzmatlar öýüni gurmak;
  7. Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesiniň çäginde 1 sany Söwda merkezi (bazarly) gurmak;
  8. Gyzylarbat etrabynda («Altyn asyr» Türkmen köli) 1 sany bir gatly azyk we senagat harytlary dükany gurmak.

TSTB-niň Balkan welaýat bölümi

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (222) 2-10-77

+993 (222) 2-20-77

Faks:

+993 (222) 2-09-77

Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022