Ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanalarynyň arasynda “Mahabat üstünligiň açary” atly festiwaly geçirilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmaklaryny gazanmak, ýaşlary mahabat işiniň çygryna çekmek üçin höweslendirmeler ulgamyny ösdürmek maksady bilen, Ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanalarynyň arasynda “Mahabat üstünligiň açary” atly festiwalyň çäklerinde bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşik şu tertipde geçirilýär:

  1. 2023-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli festiwala gatnaşmaga isleg bildirýän dalaşgärleriň arzasy, onuň ýanyna goşulýan resminamalary we bäsleşik üçin hödürlenilýän işleri kabul edilýär we hasaba alynýar.
  2. 2023-nji ýylyň 27-nji maýyna çenli bäsleşigiň düzgünnamasynyň talaplaryna laýyklykda bäsleşige hödürlenilen işleriň deslapky saýlawy geçirilýär.
  3. 2023-nji ýylyň 31-nji maýy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde Festiwalyň ýeňijilerini we dalaşgärlerini sylaglamak dabarasy geçiriler, baýramçylyk şüweleňi guralar.

Resminamalaryň kabul edilýän ýeri we wagty: Türkmenistany Bilim ministrliginiň Ýaşlar syýasaty bölüminde hepdäniň dowamynda sagat: 10:00-17:00.

Salgysy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Aşgabat ş.,Arçabil şaýoly, 104.

Telefon belgileri: (+993 12) 44 84 95;

“Mahabat üstünligiň açary” atly festiwalyň düzgünnamasy

Bulary hem okaň
2022