Önümleri we işleri sertifikatlaşdyrmak boýunça hereket edýän namalar

Önümleri we işleri sertifikatlaşdyrmak boýunça hereket edýän namalar

Ýurdumyzda öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň, ýerine ýetirilýän işleriň, hyzmatlaryň hilini milli we halkara standartlaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrmak boýunça hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi hereket edýär.

“Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanda öndürilýän önüm ýa-da Türkmenistana getirilýän önüm (şol sanda Türkmenistana getirilýän ulanyşda bolan önüm) sertifikatlaşdyrylmaga degişlidir. Şeýle hem “Standartlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 12-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, önüm öndürijiler we hyzmat (iş) ýerine ýetirijiler öndürilýän önüme, ýerine ýetirilýän hyzmata talaplary belleýän kadalaşdyryjy resminamalar bilen doly üpjün bolmalydyr. Ýörite ygtyýarly edaralar ýüz tutmalar esasynda önümleriň we hyzmatlaryň sertifikatlaşdyryş işlerini geçirýär we laýyklyk sertifikatyny berýär.

Laýyklyk sertifikaty bolsa, önümleriň we hyzmatlaryň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan resminama bolup durýar. “Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, laýyklyk sertifikaty bolmadyk önümleriň ýerlenilmegine we mahabatlandyrylmagyna ýol berilmeýär. Şol Kanunyň 22-nji maddasyna laýyklykda bolsa, önümleri diňe sertifikatlaşdyrmakdan geçenden soňra dolanyşyga goýbermäge borçly edilýär.

Ýurdumyzda öndürilýän önümler diňe aşakdaky ýagdaýlarda sertifikatlaşdyrmakdan boşadylýar. “Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasynyň 5-nji bölegine laýyklykda Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan elde ýasalan halk çeper amaly-haşam döredijiliginiň önümleri (haly önümleri, gymmat bahaly metallardan we gymmat bahaly daşlardan ýasalan zergärçilik önümleri muňa degişli däl), şeýle hem şekillendiriş sungatynyň önümleri we ýadygärlik sowgat önümleri sertifikatlaşdyrmaga degişli däldir.

Hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylyň 5-nji fewralyndaky Karary bilen “Eksport edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň gümrük çäginden daşyna çykarylanda sertifikatlaşdyrylmaga degişli önümleriň Sanawy” tassyklanyldy. Tassyklanan Sanawa laýyklykda uglewodorod önümleri: çig nebit we nebit önümleri, tebigy gaz, suwuklandyrylan gaz, gaz kondensaty, polietilen, polipropilen; oba hojalyk önümleri: pagta we pagta süýümi, bugdaý we bugdaý uny, pile, çig ýüpek; himiýa senagatynyň önümleri: ýod, brom, karbamid, tehniki kükürt; gurluşyk materiallary we senagat önümleri: sement, demir we demir önümleri, polietilen we polipropilen turbalary, tebigy daşlardan alynýan önümler sertifikatlaşdyrylmaga degişlidir.

Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan önümleriň we hyzmatlaryň öz wagtynda sertifikatlaşdyrylmagy möhüm wezipeleriň biri bolup, munuň üçin “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň ýerlerdäki edaralaryna ýüz tutulyp bilner.

Bulary hem okaň
2022