“Petronas” Türkmenistan bilen 26 ýyllyk şertnamany uzatmagy nazarlaýar

“Petronas” Türkmenistan bilen 26 ýyllyk şertnamany uzatmagy nazarlaýar
“Petronas” kompaniýasy gaz kondensatynyň gije-gündizleýin ortaça önümçiligini şu ýylda 4 müň 129 tonna çenli artdyrmagy maksat edinýär.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, Hazaryň türkmen kenarynda nebit we kondensat gorlarynyň 12.1 milliard tonna, gaz gorlarynyň bolsa 6.1 milliard tonnasy bar.

“Petronas Çarigali (Turkmenistan)” kompaniýasy Hazardaky ýataklary özleşdirmek boýunça Türkmenistanyň ilkinji hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Bu malaý maýadary önümleri bölüşmek boýunça Türkmenistanyň Hökümet bilen 1996-njy ýylda Şertnama baglaşypdy we Magtymguly, Diýarbekir we Garagol-Deňiz ýataklarynyň düzümine girýän “Blok-1” deňiz çäginde nebit we gaz almaklyga we barlamaga rugsatnama aldy. Kompaniýanyň häzirki wagta çenli Hazaryň türkmen bölegindäki nebit-gaz ýataklaryna goýan maýa goýumy 11 milliard dollara golaýlady.

Ýene 3 ýyldan tamamlanjak şertnamany uzatmak isleýän “Petronas” Türkmenistanyň “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Kanunyna laýyklykda täze teklipleri hödürleýär.

1998-nji ýyldan bäri, türkmen talyplary “Petronas” Tehnologik uniwersitetine okuwa iberilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2011-nji ýylda Malaýziýada saparda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bu abraýly ýokary okuw mekdebiniň hormatly doktory diýen at gowşuryldy. 2016-njy ýylyň noýabryndaky saparyň çäginde Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen “Petronas Charigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň we “Petronas” kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem gol çekilipdi.

Häzirki wagtda “Magtymguly” gaz ýatagyndaky deňiz platformasynda bu ýokary okuw jaýlarynda bilim alan hünärmenleriň birnäçesi zähmet çekýär.

“Magtymguly” gaz ýatagyndaky deňiz platformasy kenardan 80 kilometre golaý uzaklykda ýerleşýär. Bu ýerde işler iki çalşykda dowam edýär. Her çalşyk bir hepde dowam edýär.

“Toplum – 1” şertnamalaýyn çäkde iş alyp barýan “Petronas” kompaniýasy hut şu ýatagyň gaz känlerini özleşdirmek maksady bilen Gyýanlyda ýyllyk kuwwaty tebigy gazyň 5 milliard kub metrine, gaz kondensatynyň 2,4 million tonnasyna barabar bolan gaz arassalaýjy zawody 2011-nji ýylyň 12-nji iýulynda açdy.

Deňiz platformalary, şol sanda Magtymguly kollektor- raýzer platformasy, uzynlygy 73 kilometr bolan deňiz turbageçirijileri, eksport gaz kondensaty üçin bir nokatly duralga, tebigy gazy gaýtadan işlemäge niýetlenen gurluşlaryň toplumy, 300 müň barrel (40 müň tonna) göwrümli gaz kondensatynyň ammary, uzynlygy 52,7 kilometrlik ýerüsti eksport gaz geçirijisi gelip bu zawodda utgaşýar.

Zawodyň çäginde deňiz platformalarynyň gurnawlaryny öndürýän ýörite seh hem gurlan. Onuň önümçilik kuwwaty ýylda 25 müň tonna barabar. Seh tarapyndan gämi duralgalarydyr tolkun kesijiler, yşykly maýaklar gurnalypdyr.

Bu ýerde kenardan 7 kilometr uzaklykdan çykarylan bir nokatly duralganyň üsti bilen gaz kondensaty tankerlere ýüklenip, eksporta ugradylýar. “Petronas” kompaniýasy gaz kondensatynyň gije-gündizleýin ortaça önümçiligini şu ýylda 4 müň 129 tonna çenli artdyrmagy maksat edinýär.

Awgust aýynyň 11-ne birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirlen işewirler duşuşygynda kompaniýanyň Türkmenistandaky dolandyryjysy Ruslan bin Abdul Gani Türkmenistanyň deňiz çäklerinde nebit öndürmäge başlan ilkinji kompaniýa bolmagyň özleri üçin ähmiýetlidigini aýdypdy.

Çeşme: “Türkmenistan” gazeti

Bulary hem okaň