Türkmenistanda ýer böleklerinden peýdalanmagynyň görnüşleri

BT
Türkmenistanda ýer böleklerinden peýdalanmagynyň görnüşleri
Ýer bölekleri Türkmenistanda ýerli we daşary ýurt raýatlaryna, ýerli we daşary ýurtly edara görnüşindäki taraplara berlip bilner.

Türkmenistanyň raýatlarynyň ýer böleklerinden peýdalanmagynyň görnüşleri

Ýer bölekleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň raýatlaryna şu aşakdakylar üçin berlip bilner:

  • oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak-mellek ýer;
  • şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaý gurluşygy;
  • oba hojalyk önümçiligini alyp barmaga – ýörite ýer gaznasynyň ýerlerinden wagtlaýyn peýdalanmak;
  • oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin – daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerlerinden uzak möhletleýin kärende şertlerinde, ýer böleklerinden netijeli peýdalanýan kärendeçilere soňra mirasa goýmak hukugy bilen eýeçilige bermek;
  • gulluk ýer paýy;
  • mal bakmak;
  • ot ýatyrmak;
  • telekeçilik işi amala aşyrylanda gurluşyk we oba hojalyk maksatlary.
  • oba hojalyk däl maksatly desgalary wagtlaýyn ýerleşdirmek.

Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplarynyň ýer böleklerinden peýdalanmagynyň görnüşleri

Ýer bölekleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplaryna şu aşakdakylar üçin berlip bilner:

  • oba hojalyk önümçiligini alyp barmak;
  • kömekçi oba hojalygyny alyp barmak;
  • wagtlaýyn desgalary ýerleşdirmek;
  • öri maldarçylygy;
  • gurluşyk;
  • ýerasty baýlyklary işläp çykarmak;
  • oba hojalyk däl beýleki maksatlar.

Daşary ýurt raýatlarynyň we edara görnüşindäki taraplarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň ýer böleklerinden peýdalanmagynyň görnüşleri

Daşary ýurt raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna ýer bölekleri şu aşakdaky maksatlar üçin diňe kärendesine berlip bilner:

  • desgalary gurmak we oba hojalyk däl beýleki maksatlar;
  • wagtlaýyn desgalary ýerleşdirmek.

Ýer bölegine eýeçilik hukugynyň, ýerden peýdalanmak hukugynyň we ýere kärende hukugynyň ýüze çykmagy

Ýer bölegine eýeçilik hukugy, ýerden peýdalanmak hukugy we ýere kärende hukugy ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan ýer bölekleriniň hakyky çäkleri bellenilenden we oňa bolan hukuga güwä geçýän resminamalar berlenden soň ýüze çykýar.

Ýerden peýdalanmak bilen bagly giňişleýin maglumaty “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna seredip öwrenmek mümkin.

BT Hukuk Bölümi

Bulary hem okaň