Türkmenistanda telekommunikasiýa we ekerançylyk ulgamlary sanlaşdyrylýar

BT
Türkmenistanda telekommunikasiýa we ekerançylyk ulgamlary sanlaşdyrylýar
Türkmenistanyň 2013 – 2019-njy ýyllarda satyn alan “John Deere” we “Claas” kysymly ýokary oba hojalyk tehnikalary telematika bilen enjamlaşdyrylar.

Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy esasynda maglumat tehnologiýasyny durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda “san” bilen baglanyşykly iň bir çalt we düýpli özgertmeler söwdada, habar beriş serişdelerinde, senagatda bolup geçýär. Türkmenistanda täze tehnologiýalar netijesinde kompýuter zawodlary ýaly önümçilikler döreýär.

Sanlaşdyrmagy ilerletmek we intellektual ulgamlaryň mundan beýläk işlemegini, olaryň özara we dünýä bilen aragatnaşyk saklamagyny üpjün etmek boýunça işleri Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligidir.

Häzirki wagtda “.tm”., milli domende atlaryny bellige almagyň we töleg şertleriniň tertibiniň taslamasy işlenip düzüldi, bu ugurda degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralar bilen ylalaşyk esasynda işler alnyp barylýar. “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň düzüminde kiberhowpsuzlyk gullugy döredildi.

Şunuň bilen bir hatarda, sanly ulgama hyzmat etmek üçin Politehniki orta hünär okuw mekdebinde işgärleri taýýarlanylýar. Bu ýerde täze okuw ýylyndan başlap, logistika operasion işi, telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat taýdan howpsuzlygy, kompýuter torlary ýaly ugurlarda hünärler girizildi.

Sanly ykdysadyýete geçmegiň çäklerinde “Türkmenpoçta” kompaniýasy Türkmenistanyň çäginde poçta aragatnaşyk bölümlerini ulgamlaşdyrmak boýunça işi ýerine ýetirdi. Poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň resmi internet saýtynda onlaýn harytlary nagt däl tölegde harydy görkezilen salga eltmek usuly bilen almak ýaly hyzmatlar elýeterli edildi. Poçta bölümleriniň birnäçesinde demir ýol petekleriniň satuwy ýola goýuldy.

Türkmenistanda nagt däl pul geçirimler ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen “Türkmenaragatnaşyk” agentligi “Halkbank” döwlet täjirçilik banky bilen birlikde, “TMCell töleg” programma üpjünçiligini işläp taýýarlady we işe girizdi.

Döwlet edaralarynda bolşy ýaly, telekeçilik ulgamynda hem hyzmatyň başga bir görnüşi örän islegli boldy. Munuň özi GPS-trekerleri arkaly ýeňil we ýük awtomobilleriniň çäk taýdan ýerleşişi, olaryň tehniki ýagdaýy, ýangyjy sarp ediş we beýlekiler boýunça maglumatlar bermek bilen bir hatarda, ulaglaryň ýerlerini kesgitlemäge mümkinçilik berýän hyzmatdyr.

Häzirki wagtda “Türkmenawtoulaglary” agentliginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gözegçiliginde awtoulaglarda GPS-trekerleriň 10 müňden gowragy goýlup peýdalanylýar.

Aşgabadyň şäher telefon ulgamy üçin aňrybaş hyzmaty bolan billing binýadyny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Olar müşderilere hasaplary ibermek, hyzmatlary ugradýan beýleki ugurlar bilen özara hasaplaşyklary geçirmek üçin telekommunikasiýa operatorlary tarapyndan ulanylýar.

Köpugurly billing binýadynyň kömegi arkaly diňe bir internet, aragatnaşyk IP-telefon hyzmatlaryny däl, eýsem, beýleki edaralar tarapyndan berilýän hyzmatlary töläp bolýar. Munuň özi hojalyk hasaplaryndan, ýol gözegçiligi gullugynyň jerimelerinden we beýlekilerden ybaratdyr. Täze billing ulgamy 1 million müşderi üçin niýetlenendir.

Aşgabatda “Türkmentelekom” kärhanasynyň ulanýan halkara – telefon bekedini döwrebaplaşdyrmak nobatdaky taslama bolup durýar. Aragatnaşygyň ähli ýaýlymlary bu merkezi bölüme birigýär. Ol ýerde beýleki şäherleriň we döwletleriň aragatnaşyk ulgamlary bilen üstaşyr baglanyşdyrmak işi amala aşyrylýar. Bekedi IMS tehnologiýasyna geçirmek çözgüdi kabul edildi. Bu bolsa sesli trafikany bukja kommutasiýa binýadynda hyzmatlar bilen bilelikde geçirmäge mümkinçilik berer.

Ýene-de bir taslama elektron hyzmatlarynyň ösdürilmegine gönükdirildi. Ony durmuşa geçirmegiň dowamynda milli Sene-merkezini döretmek meýilleşdirilýär. Ol maglumatlary saklaýan we gaýtadan işleýän, serwer we ulgamlaýyn enjamlary ýerleşdirýän hem-de müşderileri Internet ulgamyna birikdirýän merkez bolup durýar.

Munuň özi pudaklaýyn düzümlere dürli görnüşdäki hyzmatlary ýetirmek üçin giň mümkinçilikleri döreder. Ol ulag-logistika ulgamyny, internet-söwdany we internet-mahabaty ösdürmek, uzak aralykdan interaktiw-multimediýa okuwyny guramak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Bu “TürkmenÄlem 52oE” milli emeli hemranyň äleme çykarylmagy bilen mümkin boldy. Onuň kömegi arkaly häzirki döwürde ýurdumyzyň çetki ilatly obalarynda sanly aragatnaşyk we ýokary tizlikli internet hyzmatlary ýola goýuldy. Milli emeli hemra arkaly ýerli tele we radioýaýlymlaryň 11-si we daşary ýurtlaryň tele we radioýaýlymlarynyň 42-si alnyp görkezilýär.

Soňky üç ýylyň dowamynda ýurdumyzyň oba ýerlerinde kiçi göwrümli telefon beketleriň 400-den gowragy guruldy. Olaryň hemmesi umumy döwlet ulgamyna girizildi. Şeýlelikde, olardan birnäçesi “TürkmenÄlem 52oE” hemranyň üsti bilen birikdirildi.

Biziň hemramyz köp pudaklarda işleýär. Häzirki döwürde oba hojalyk pudagynda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň täze tehnikalary bilen birlikde sazlaşdyrmak işi alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen “John Deere Walldorf GmbH & Co. KG” kompaniýasynyň arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama esasynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiklerinde bar bolan oba hojalyk tehnikalaryny 2019 – 2022-nji ýyllarda üç tapgyrda telematik sanly ulgama geçiriler.

Şeýle hem degişli kompaniýalar tarapyndan ýakyn birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň 2013 – 2019-njy ýyllarda satyn alan “John Deere” we “Claas” kysymly ýokary oba hojalyk tehnikalary telematika bilen enjamlaşdyrylar. Munuň özi tehnikalaryň ýerleşýän ýerini, harçlanan ýangyjy, ýerine ýetirilen işleriň wagtyny, tehnikalaryň işini we başga-da köp sanly görkezijilerini meýdana çykmazdan, uzak aralykdan syn etmek we kesgitlemek mümkinçiligini döreder.

Munuň üçin bolsa Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň edara binasynda dolandyryş merkezi döredildi. Oňa anyk wagt tertibinde hereket edýän oba hojalyk tehnikalary baradaky maglumatlar gelip gowşar. Döwrebaplaşdyrylan “John Deere” tehnikasyny Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi üçin hem getirmek göz öňünde tutulýar.

Bulary hem okaň