Dokama däl matalaryň öndürilmegi türkmen telekeçileriniň çykdajylaryny azaldar

BT
Dokama däl matalaryň öndürilmegi türkmen telekeçileriniň çykdajylaryny azaldar
“Spanleýsiň” düzüminde pagtanyň ulanylmagy bu dokama däl önümiň köp ýuwulmaga çydamlylygyny artdyrýar.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Aşgabatdaky kärhanalarynyň düzümine dokalmaýan matalaryň – “spanleýs” we “spanbond” önümçiligini ýerleşdirer. Şeýle önümçiligi ýola goýmak maksady bilen gerekli enjamlary ornaşdyrmak boýunça üstümizdäki ýylyň dowamynda eýýäm birnäçe bäsleşik yglan eden ministrligiň bu ugurdaky hereketleri ilkinji gezek ýanwar aýynyň 23-ne geçirilen Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde wise-premýer Mämmethan Çakyýew tarapyndan mälim edilipdi.

Mejlisiň dowamynda Aşgabat dokma toplumynyň düzüminde dokalmaýan matanyň (spanleýs) önümçiligini ýola goýmak boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa teklip hödürlenipdi.

Dokma senagaty ministrligi bu ýygnakdan soňra Aşgabat şäherindäki lukmançylyk hem-de kosmetiki pamyk önümlerini öndürýän fabrigiň çäginde dokalmaýan matanyň önümçiligini ornaşdyrmak boýunça halkara bäsleşigi yglan edipdi.

Ministrlik Aşgabadyň panbarhat fabriginiň çäklerinde dokalmaýan matanyň polipropilenden öndürilýän görnüşi bolan “spanbond”-yň önümçiligini ornaşdyrmak boýunça anna güni halkara bäsleşik barada bildiriş ýaýratdy. Şenbe güni bolsa, Dokma senagaty ministrligi bu fabrikde “spanleýs” önümçiligini ýola goýmak boýunça öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýandygyny mälim etdi.

Dokalmaýan matanyň bu iki görnüşi bir-birinden ulanylýan çig mal we önümçilik babatynda tapawutlanýar. Ýelim ulanmazdan, ýokary basyşly suw akymynyň üsti bilen süýümleri birikdirýän tehnologiýanyň esasynda ýokary gigroskopikli ýumşak üpürjiksiz (worssyz) “spanleýs” önümi alynýar.

Adamyň derisine mikroorganizmleriň geçmegine garşy göreşmek häsiýetleri bolan (pagtadan we lýondan 60% ýokary) bu serişde lukmançylykda, kosmetologiýada we hojalykda giňden ulanylýar. Zerur ýagdaýda material gowy sterilizirlenýär. Üpürjiksiz gurluş dürli şekilli we ölçegli önümleri, şol sanda hasalary, lukmançylyk halatlary, hirurglar üçin geýim toplumy ýaly önümleri öndürmeklige mümkinçilik berýär. “Spanleýsiň” düzüminde pagtanyň ulanylmagy bu dokama däl önümiň köp ýuwulmaga çydamlylygyny artdyrýar. “Spanleýs” usuly bilen biz öndürilende, başlangyç çig mal hökmünde köp halatlarda wiskozadan, polipropilenden, sellýulozadan we pagtadan süýümler ulanylýar. Şol sanda, türkmen dokmaçylary egriji senagatyň arassalanan we agardylan galyndylaryny ulanmagy göz öňünde tutýarlar.

“Spanbond” serişdesiniň önümçiliginde çig mal hökmünde Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilýän polipropileni ulanmak meýilleşdirilýär. “Spanbond” serişdesiniň önümçiligindäki aýratynlyklary we fiziki-mehaniki häsiýetleriniň köpdürlüligini göz öňünde tutsak, senagatyň köp ugurlarynda: oba-hojalygyň dokma önümlerinde, bir gezeklik eşiklerde, şeýle-de lukmançylyk geýimleriniň taýýarlanyşynda giňden peýdalanylýar, gurluşyk membranalarynyň we gidroizolýasiýa materiallarynyň önümçiliginde esas bolup durýarlar, ýeňil senagatda furnitura-gaplaýyş materillary hökmünde, örtükleriň, torbalaryň taýýarlanyşynda peýdalanylýar.

Häzirki wagtda türkmen telekeçileri çygly süpürgiçleriň, gigiýena serişdeleriniň, howa we ýag filterleriniň önümçiliginde çig mal hökmünde ulanylýan dokalmaýan matalary daşary ýurtlardan getirýärler. ABŞ-ly “Smithers” kompaniýasynyň maglumatyna görä, 2019-njy ýylda ulanyljak “spanleýs” önümleriniň 63%-i süpürgiçlerde (30%-den gowragy bäbekler üçin ulanylýan çygly süpürgiçler) ulanylar.

Dokalmaýan matalary ýerli fabriklerde öndürmek hem importyň ornuny tutýan harytlaryň mukdaryny artdyrmak hem-de ýerli telekeçileriň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak babatynda ähmiýetli bolup durýar. “Spanleýs” we “spanbond” üçin gerekli bolan çig malyň içerki bazarda elýeter bolmagy bolsa, önümçiligiň bu görnüşini has amatly ýagdaýa getirýär.

“Smithers”-iň maglumatlaryna görä, üstümizdäki ýylyň dowamynda dünýäde 6.19 milliard amerikan dollaryna deň bolan 1.4 million tonna dokalmaýan “spanleýs” önümleriniň ulanylmagyna garaşylýar. Kompaniýanyň seljermesine görä, bu mukdaryň 2024-nji ýylda 2 million tonnadan geçip, 9.15 milliard amerikan dollaryna deň boljagy çaklanylýar.

“Research and Markets” seljerme kompaniýasynyň mart aýynda ýaýradan seljermesine görä, 2017-nji ýylda 12.84 milliard amerikan dollaryna deň bolan bütindünýä “spanbond” bazarynyň 2026-njy ýyla çenli 27.43 milliard amerikan dollaryna çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda Aziýa bazarlarynda “spanleýs” önüminiň ortaça kilogram bahasy 2-4 amerikan dollary, “spanbond” önüminiň ortaça kilogram bahasy bolsa, 1.25 – 3.75 amerikan dollary aralygynda bolup durýar.

Bulary hem okaň