“Turkmen Petroleum” TNGIZT-iň önümleriniň ýerleniş bazarlaryny işjeň giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Turkmen Petroleum” TNGIZT-iň önümleriniň ýerleniş bazarlaryny işjeň giňeldýär
Kompaniýa Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň şertlerinde ýurdumyzda işleýän kompaniýalardan satyn alynýan çig nebiti TNGIZT-e iberýär.

Şu ýylyň ilkinji 9 aýynda “Turkmen Petroleum” kompaniýasy Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilýän önümleriň 500 müň tonnadan gowragyny daşary ýurtlara ugratdy. Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň internet neşiriniň habar bermegine görä, bu görkeziji geçen ýylky möçber bilen deň bolup, ýylyň ahyryna çenli satuwlary 800 müň tonna çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.

Kompaniýa TNGIZT-iň önümleriniň ýerleniş bazarlaryny işjeň giňeldýär.

“Turkmen Petroleum” 2016-njy ýyldan bäri toplumyň halkara dellaly bolup durýar. Kompaniýanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde we Germaniýanyň Frankfurt şäherinde söwda wekilhanalary bar.

Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda kompaniýa tarapyndan ýerlenilýän önümleriň sanawyna ýangyç mazudy, A-92 görnüşli awtoulag ýangyjy, dizel ýangyjy, şol sanda EKO-5 kysymly dizel ýangyjy girýär.

“Turkmen Petroleum” kompaniýasynyň Owganystandaky çelekli bazasyna А-92, А-80, EKО-93 kysymly awtoulag ýangyjy, suwuklandyrylan gaz, dizel ýangyjy, ТС-1 we Jet A-1 kysymly howa ulaglary üçin ýangyç ugradylýar.

Özbegistana howa ulaglary üçin kerosin we nebit bitumlary, Ukrainanyň bazaryna “Türkmengaz” döwlet konserniniň Polimer zawodynda we TNGIZT-de öndürilen dürli görnüşli polipropilen iberilýär.

Ýükler sarp edijilere deňiz tankerlerinde, demir ýol we awtomobil ulaglarynda ýetirilýär. Şunda bar bolan logistika ýollarynyň hemmesi, şol sanda Owganystan-Türkmenistan-Azerbeýjan-Gruziýa-Türkiýe (“Lapis Lazuli”) we Hazar deňziniň üsti bilen Wolga-Don gämi kanaly bilen Azow we Gara deňizlerine çykyş ýaly halkara ulag geçelgeleri ulanylýar.

Şeýle hem kompaniýa Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň şertlerinde ýurdumyzda işleýän kompaniýalardan satyn alynýan çig nebiti TNGIZT-e iberýär.

“Turkmen Petroleum” “Türkmengaz”-yň bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bilen, häzirki wagtda tebigy gazyň we kondensatyň gazylyp alnyş möçberini artdyrmak boýunça maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görýär.

Bulary hem okaň
2022