TSTB hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň hukuk ähmiýeti

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň hukuk ähmiýeti
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilenine 11 ýyl boldy.

Bu kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup, esasy maksady Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) (mundan beýläk — Birleşme) agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini beýan etmäge we goramaga gönükdirilen, Türkmenistanda telekeçiligiň ösmegine goldaw berýän, eýeçiligiň hususy we (ýa-da) gatyşyk (birleşen) görnüşi esasynda telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki we ýuridiki şahslary (mundan beýläk — Birleşmäniň agzalary) birleşdirýän jemgyýetçilik guramasy bolup durýar.

TS we TB-niň işiniň hukuk esaslary

Birleşme öz işini Türkmenistanyň çäginde, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Birleşmäniň gurluş düzüm birligi ‒ guramasy, bölümi (şahamçasy), wekilligi döredilen beýleki döwletleriň çäklerinde amala aşyryp biler.

- Birleşme täjirçilik däl ýuridiki şahs bolup durýar.

- Birleşme eýeçilik hukugynda özüne degişli aýrybaşgalanan emläge eýelik edýär, öz borçnamalary boýunça şol emläk bilen jogap berýär, öz adyndan emläk we şahsy emläk däl hukuklary edinip we jogapkärçilikleri çekip, kazyýetde hak isleýji we jogap beriji bolup biler.

Birleşme öz agzalarynyň borçnamalary boýunça jogap bermeýär we Birleşmäniň agzalary hem Birleşmäniň borçnamalary boýunça jogap bermeýärler, olaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz üstüne şeýle borçnamalary alan halatlary muňa degişli däldir.

Birleşmäniň maksatlary we esasy wezipeleri

Şular Birleşmäniň maksatlary bolup durýar:

  • döwletiň senagatçylyk we telekeçilik işjeňliginiň ösmegine, döwletiň çäginde, şonuň ýaly-da halkara derejede özara bähbitli ykdysady gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam berýän ykdysady syýasatyny amala aşyrmakda Birleşmäniň agzalarynyň tagallalaryny jebisleşdirmek we utgaşdyrmak;
  • Birleşmäniň agzalarynyň maddy, ylmy-tehniki we intellektual mümkinçiliklerini özara bähbitli birleşdirmek arkaly ykdysady ösüşiň milli we döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmak;
  • Birleşmäniň agzalaryna olaryň döwletiň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine işjeň gatnaşmaklarynda hemmetaraplaýyn ýardam bermek;
  • döwlet häkimiýet edaralarynda we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, ykdysady işiň beýleki subýektleri bilen gatnaşyklarynda öz hukuklaryna, öz agzalarynyň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine wekilçilik etmek hem-de goramak;
  • işewürlik we telekeçilik işjeňliginiň, bazar gatnaşyklarynyň usullarynyň üstünlikli ösmegi, durmuş hyzmatdaşlygynyň ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, telekeçileriň ykdysady, medeni, bilim, maglumat üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagy üçin amatly şertleri döretmek;
  • halkara guramalary, ilkinji nobatda, ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş ugurly guramalar bilen işjeň gatnaşyklary üpjün etmek we ösdürmek;
  • ykdysadyýetiň we bazar gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam bermek, häzirki zaman senagatçylyk we telekeçilik ulgamyny emele getirmek, ykdysadyýetiň hususy bölegini ösdürmek;
  • täze iş ýerlerini döretmek, ilatyň iş bilen üpjünçiligini we telekeçilik işjeňligini ýokarlandyrmak.

BT Hukuk Bölümi

Bulary hem okaň