TSTB-niň esasy wezipeleri hem-de işiniň ýörelgeleri

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB-niň esasy wezipeleri hem-de işiniň ýörelgeleri
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi 16-njy oktýabrda metbugatda çap edildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) (mundan beýläk — Birleşme) öz işini şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, Birleşmäniň Tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrýar.

Şular Birleşmäniň esasy wezipeleri bolup durýar:

  • telekeçileriň birleşmegini jebisleşdirmek;
  • telekeçilik işiniň subýektleri bilen döwlet edaralarynyň netijeli özara gatnaşyklaryny guramak;
  • Türkmenistanda telekeçilik başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin amatly hukuk, ykdysady we durmuş şertleriniň döredilmegine ýardam bermek;
  • Türkmenistanda telekeçilik işi bilen bagly kanunçylygy kämilleşdirmek işine gatnaşmak;
  • Birleşmäniň agzalaryna wekilçilik etmek hem-de olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak;
  • senagat we beýleki önümçilik düzümlerini, tehnoparklaryň, tehnopolisleriň, täjirçilik-inkubatorlaryň ulgamlaryny, önümçilik-tehniki merkezlerini, innowasiýa işiniň merkezlerini, senagat zolaklaryny, şeýle hem ulag-logistika merkezlerini we gaýry bazar düzümlerini döretmek hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda erkin ykdysady zolaklaryň işini ýöretmek;
  • agrosenagat toplumynyň we ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagynda telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek;
  • Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamynda iş alyp barýan telekeçiligiň subýektlerini jebisleşdirmek, olaryň işini utgaşdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gatnaşmak;
  • importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligini goldamak hem-de olaryň içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilişini ilerletmek;
  • telekeçiligiň subýektlerine işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda, şol sanda ýokary, orta hünär bilim edaralaryny döretmek, şeýle hem Türkmenistanda hem-de ýurduň çäginden daşarda hünärmenleriň tejribeliklerini guramak arkaly ýardam bermek;
  • Birleşmäniň agzalarynyň daşary ykdysady işe, sebitara hyzmatdaşlygyna gatnaşmaklaryna, şeýle hem olaryň eksport mümkinçiliginiň artmagyna ýardam bermek;
  • jemgyýetiň we döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň has möhüm meseleleri boýunça Birleşmäniň nukdaýnazaryny emele getirmek;
  • harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) döwlet tarapyndan satyn alynmagyna Birleşmäniň agzalarynyň gatnaşmagyna ýardam bermek;
  • döwlet häkimiýet edaralarynda we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda öz hukuklaryna, öz agzalarynyň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine wekilçilik etmek;
  • döwlet-hususy hyzmatdaşlygynda kärhanalaryň döredilmegine we ösdürilmegine, olaryň bazar ykdysadyýeti şertlerine uýgunlaşmagyna Birleşmäniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kömek bermek;
  • Birleşmäniň agzalaryna ykdysady, hukuk, maglumat beriş häsiýetli meseleler boýunça maslahat hem-de kömek bermek, olaryň durmuş we beýleki hukuklarynyň goralmagyna goldaw bermek;
  • Birleşmäniň agzalarynyň arasynda maglumatlaryň, öňdebaryjy tejribäniň alşylmagyny we ýaýradylmagyny guramak;
  • bellenilen tertipde ykdysady, ylmy-tehniki, hukuk, ekologiýa we durmuş meseleleri boýunça döwletara ylalaşyklarynyň taýýarlanylmagyna gatnaşmak;
  • ugurlary Birleşmäniň tertipnamalaýyn maksatlaryna laýyk gelýän öz maksatnamalaryny we taslamalaryny işläp düzmek we amala aşyrmak;
  • özbaşdak ýa-da beýleki guramalar bilen bilelikde gaznalary, maslahat beriş, maglumat-marketing merkezlerini, synag barlaghanalaryny, okuw, ylmy, medeni, mahabat, syýahatçylyk we beýleki guramalary döretmek;
  • habar beriş we redaksion-neşirýat guramalaryny we gaýry köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döretmek;
  • ykdysadyýetiň ösmegine we hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň, telekeçileriň işewürlik we hünärmenlik derejelerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen sergileri, okuw we ylmy maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmek.

Birleşmäniň işiniň ýörelgeleri

Birleşmäniň işi şu ýörelgelere esaslanýar:

  • özbaşdaklyk, öz-özüňi dolandyrmak, kanunylyk we hasabatlylyk;
  • telekeçiligiň Birleşmä agza bolan ähli subýektleriniň deňhukuklylygy;
  • kabul edilýän çözgütleriň döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ýörelgelerine ugurdaşlygy;
  • jemgyýetçilik we döwlet bähbitleriniň, kanunylygyň we aýanlygyň sazlaşmagy;
  • işiniň aýdyňlygy, öz agzalarynyň öňünde hasabatlylygy, jogapkärçiligi;
  • çözgütleri kabul etmekde we olary durmuşa geçirmekde netijeliligi, ulgamlaýynlygy we dessinligi;
  • pudagara, pudaklaýyn birleşmeleriň ösdürilmegi;
  • telekeçiligiň durmuş taýdan jogapkärçiligi;
  • adamyň jany, saglygy we daşky gurşaw üçin harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam berilmegi;
  • jemgyýetiň we telekeçiligiň bähbitleriniň sazlaşygynyň üpjün edilmegi.

Birleşme tertipnamalaýyn maksatlaryna ýetmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda telekeçilik işini amala aşyrýar, ol işden alnan girdejiler diňe Tertipnamada görkezilen maksatlar üçin peýdalanylyp bilner. Telekeçilik işinden alynýan girdejiler Birleşmäniň agzalarynyň arasynda paýlanylyp bilinmez.

BT Hukuk Bölümi

Bulary hem okaň