Sarp edijiniň harydy çalyşmaga bolan hukugy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Sarp edijiniň harydy çalyşmaga bolan hukugy
Sarp edijiniň ýaramaz hilli azyk däl harydy satyn alan gününi hasaba almazdan, on bäş senenama gününiň dowamynda çalyşmaga hukugy bardyr.

Sarp edijiniň harydy gowy hilli haryda çalyşmaga bolan hukugy

1. Sarp edijiniň azyk däl harydy satyn alan satyjysynda sebäbini düşündirmezden gowy hilli meňzeş kysymly (modelli, artikully) täze haryda çalyşmaga hukugy bardyr, şu maddanyň bäşinji we altynjy böleklerinde görkezilen harytlar muňa degişli däldir.

2. Sarp edijiniň şu aşakdakylary çalyşmaga hukugy bar:

1) ýaramaz hilli azyk däl harydy – satyn alan gününi hasaba almazdan, on bäş senenama gününiň dowamynda;

2) çalt zaýalanmaýan (ýörite ýa-da aýratyn saklanylyş şertlerini talap etmeýän) gowy hilli, bozulmadyk sarp edijilik gabyndaky azyk harydyny – satylan wagtyndan soň otuz alty sagadyň dowamynda.

3. Gowy hilli harydy çalyşmaga diňe görkezilen haryt ulanylyşda bolmadyk bolsa, onuň harytlyk görnüşi, sarp edilendäki aýratynlygy, plombalary, kärhana ýarlyklary, şeýle hem harydyň töleginiň tölenendigini tassyklaýan resminama saklanyp galan bolsa, rugsat berilýär. Sarp edijide harydyň töleginiň tölenendigini tassyklaýan resminamanyň bolmazlygy ony şaýatlaryň görkezmelerine salgylanmak mümkinçiliginden mahrum etmeýär.

4. Eger sarp edijiniň satyja ýüzlenen gününde satuwda öňkä meňzeş kysymly (modelli, artikully) täze haryt ýok bolsa, sarp edijiniň şertnamany ýerine ýetirmekden ýüz öwürmäge we görkezilen gowy hilli haryt üçin tölenen pul möçberiniň yzyna gaýtarylmagyny talap etmäge hukugy bardyr. Sarp edijiniň görkezilen haryt üçin tölenen pul möçberiniň yzyna gaýtarylmagy baradaky talaby agzalan haryt gaýtarylan gününden soň üç senenama gününiň dowamynda kanagatlandyrylmaga degişlidir.

Sarp edijiniň satyjy bilen ylalaşmagy boýunça gowy hilli harydyň çalşylmagy meňzeş kysymly (modelli, artikully) täze haryt satuwa çykarylanda amala aşyrylyp bilner. Satyjy meňzeş kysymly (modelli, artikully) täze harydyň satuwa çykarylandygy hakynda haýal etmän sarp edijä habar bermäge borçludyr.

5. Sarp edijiniň özüniň hususy buýurmasy boýunça taýýarlanan, gowy hilli harydy çalyşmaga hukugy ýokdur.

6. Gowy hilli, şu maddanyň birinji böleginde görkezilen esaslar boýunça gaýtarylmaga ýa-da şuňa meňzeş kysymly (modelli, artikully) haryda çalşylmaga degişli bolmadyk azyk däl harytlaryň sanawy ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.

Sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, emlägine ýa-da daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagyna bolan hukugy

1. Sarp edijiniň satyjy (ýerine ýetiriji) bilen şertnamalaýyn gatnaşyklarda durýandygyna ýa-da durmaýandygyna garamazdan, şu aşakdakylar bilen bagly öz janyna, saglygyna, nesline, emlägine ýa-da daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr:

1) harydyň (işiň, hyzmatyň) erkin saýlap alynmagyna mümkinçiligiň berilmezligi;

2) harydyň (işiň, hyzmatyň) gurluş (konstruktiw), önümçilik, reseptura ýa-da başga häsiýetli kemçilikleri zerarly, ylmy we tehniki bilimleriniň derejesi olaryň howply aýratynlyklaryny ýa-da häsiýetlerini ýüze çykarmaga mümkinçilik berýändigine ýa-da bermeýändigine garamazdan, sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, onuň emlägine ýa-da daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirip biljek materiallaryň, enjamlaryň, gurallaryň we beýleki serişdeleriň ulanylmagy netijesinde harydyň (işiň, hyzmatyň) howpsuzlygynyň üpjün edilmezligi;

3) kemçiligi bolan ýa-da düýpli kemçilikli harydyň (işiň, hyzmatyň) satylmagy;

4) haryt (iş, hyzmat) hakynda doly däl ýa-da ygtybarsyz maglumatyň berilmegi;

5) harydyň (işiň, hyzmatyň) berilmeginiň möhletleriniň bozulmagy;

6) harydyň yzyna kabul edilmegi.

2. Satyjy, öndüriji, ýerine ýetiriji, ygtyýarly şahs şu maddanyň birinji böleginde görkezilen halatlarda degişli talap bildirilen gününden başlap on senenama gününiň dowamynda sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, onuň emlägine ýa-da daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmaga borçludyrlar.

3. Sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, onuň emlägine, daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezi, eger ol harydyň (işiň) bellenen ýaramlylyk möhletiniň, hyzmat ediş möhletiniň dowamynda ýetirilen bolsa, satyjy, öndüriji (ýerine ýetiriji) tarapyndan dolunmaga degişlidir. Eger bu möhletler bellenilmedik bolsa − sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, onuň emlägine, daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezi harydyň (işiň, hyzmatyň) sarp edijä berlen gününden başlap on ýylyň dowamynda, eger harydyň (işiň, hyzmatyň) berlen gününi anyklamak mümkin bolmasa, harydyň (işiň) öndürilen (ýerine ýetirilen) senesinden dolunmaga degişlidir

4. Eger harydyň (işiň, hyzmatyň) hyzmat ediş möhleti ýa-da ýaramlylyk möhleti bellenen bolsa, ýöne sarp edijä bu möhletler tamamlanandan soň onuň görmeli zerur çäreleri we şeýle çäreler ýerine ýetirilmedik mahalynda bolup biljek netijeler hakynda habar berilmedik bolsa, sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, onuň emlägine, daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezi onuň ýetirilen wagtyna garamazdan, satyjy, öndüriji (ýerine ýetiriji) tarapyndan dolunmaga degişlidir.

5. Eger satyjy, öndüriji (ýerine ýetiriji) sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, onuň emlägine, daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň(zeleliň) üçünji şahslaryň hereketi ýa-da öňüni alyp bolmaýan ýagdaýlaryň, ýa-da sarp ediji tarapyndan harydyň (işiň, hyzmatyň) ulanylmagynyň bellenen düzgünleriniň, saklanylmagynyň ýa-da daşalmagynyň şertleriniň bozulmagy netijesinde dörändigini subut etse, jogapkärçilikden boşadylýar.

6. Sarp edijiniň şu maddanyň birinji böleginde bellenen talaplary satyjy, öndüriji (ýerine ýetiriji) tarapyndan degişli talap bildirilen gününden başlap on senenama gününiň dowamynda kanagatlandyrylmaga degişlidir.

Sarp edijileriň hukuklary bilen bagly giňişleýin maglumaty 2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda kabul edilen № 140-V belgili Türkmenistanyň “Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakyndaky” kanunyna seredip öwrenip bilersiňiz.

BT Hukuk Bölümi

Bulary hem okaň