17.07.2019
25.08.2019

Mary welaýat häkimligi täze şäherçeleriň gurluşygy boýunça tender yglan edýär

Mary welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 24-nji maýyndaky “Mary welaýatynyň Wekilbazar, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak hakyndaky” Kararyna laýyklykda Wekilbazar, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda gurulmaly durmuş-maksatly binalaryň, ýagny 3 sany Geňeşligiň edara binasynyň, 2 sany 660 orunlyk mekdebiň, 1 sany 720 orunlyk mekdebiň, 3 sany 320 orunlyk çagalar bagynyň, 3 sany Saglyk merkeziniň, 3 sany ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, şeýle hem şäherçelere barýan daşky hem-de şäherçeleriň içki inžener ulgamlarynyň gurluşyklaryny ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşik teklipleri şu ýylyň 25-nji awgustyna, sagat 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 8(522) 6-06-21, 6-00-34, faks: 8(522) 6-33-73.

Türkmenistan, Mary welaýaty, Mary şäheri, Mollanepes köçesi, 41
Bulary hem okaň
2022