25.07.2019
25.07.2019

Daşoguz welaýat häkimligi gurluşyk işleri boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumyny gurmak hakynda” 2019-njy ýylyň 27-nji maýynda çykaran Kararyna laýyklykda, welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda guruljak täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynda saglyk merkeziniň, 240 orunlyk çagalar bagynyň, 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň, ýaşaýyş jaý toplumyna barýan hem-de onuň içerki agyz suwy we lagym geçiriji ulgamlarynyň, topluma barýan ýollaryň we içerki ýollaryň hem-de onuň içerki elektrik ulgamlarynyň gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2019-njy ýylyň 25-nji iýulyna, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 322 90302, +993 322 90314, faks: +993 322 93085.

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty
Bulary hem okaň
2022