24.07.2019
06.09.2019

“Türkmenstandartlary” nusgalyk synag ölçeg serişdelerini satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy garamagyndaky edaralar üçin aşakdaky lotlar boýunça nusgalyk synag ölçeg serişdelerini satyn almak boýunça Bäsleşigi gaýtadan yglan edýär.

Lot № 1 — Dürli görnüşli çelekleri (rezerwuarlary) deňeşdirip barlamak üçin nusgalyk elektron taheometri ýada lazerli skaneri;

Lot № 2 — Ýagtylyk ölçeýjileri we lýuksmetrleri deňeşdirip barlaýan nusgalyk synag enjamlar toplumyny;

Lot № 3 — Dürli görnüşli termometrleri deňeşdirip barlamak üçin niýetlenen nusgalyk sanly termometri.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly. Bäsleşik boýunça teklipler bukjada berilmeli. Tekliplerde synag ölçeg enjamlaryny satyn almak boýunça işleriň we şol işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hyzmatlaryň maliýeleşdirilmegini milli manatda göz öňünde tutmaly.

Bäsleşik boýunça teklipler şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň binasynda kabul edilýär.

Habarlamak üçin telefonlar: 49-13-59, 49-27-90.

Türkmenistan, Aşgabat, Oguzhan köçesi, 120
Bulary hem okaň
2022