25.07.2019
01.10.2019

Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy buraw enjamlaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri tender esasynda kesgitleýän Toparyň adyndan aşakdaky lot boýunça

HALKARA TENDERIŇ

yglan edýär.

Lot № 2 – 2019-njy ýyl üçin umumy tehnologiki buraw enjamlary.

Tendere gatnaşmak isleýänler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň daşary ykdysady aragatnaşyk bölümine ýüz tutup bilerler:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • Lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • Yzyna gaýtarmasyzlyk şerti bilen bäsleşige gatnaşmak üçin bir Lotuň bahasy 575 amerikan dollary möçberde töleg tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Tender boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 45(kyrk bäş) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleriniň geçirilenden soň seljerilip başlanjakdyr.

Elektron salgysy: tngizt_dya_bolumi3@online.tm

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993243 2-12-36, 9-60-33; (тел./факс: +993243 2-11-49)

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş.
Bulary hem okaň
2022