27.07.2019
06.09.2019

Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy enjamlary satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri tender esasynda kesgitleýän Toparyň adyndan TNGIZT-iň desgalary üçin gerek bolan serişdeleri we enjamlary satyn almak boýunça

HALKARA TENDERINI

yglan edýär.

Tendere gatnaşmak isleýänler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň daşary ykdysady aragatnaşyk bölümine ýüz tutup bilerler:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • Lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • Yzyna gaýtarmasyzlyk şerti bilen bäsleşige gatnaşmak üçin bir Lotuň bahasy 575 amerikan dollary (GBS-i hasaba almak bilen) möçberde töleg tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleriniň geçirilenden soň seljerilip başlanjakdyr. Täjirçilik tekliplerini möhürlenen iki bukjada tabşyrmaly. Birinji bukjada tehniki häsiýetnama, ikinji bukjada bolsa serişdelere we enjamlara berilýän bahanyň görkezmesi bolmaly.

Teklipler tender çap edilen gününden başlap 30 iş güni ýerli wagt bilen 17.00 çenli kabul ediler.

Elektron salgysy: tngizt_dya_bolumil@online.tm

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993243 9-61-27; 2-03-89 (faks: +993243 2-11-49)

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş.
Bulary hem okaň
2022