30.07.2019
10.09.2019

“Türkmengaz” gazhimiýa toplumyny proýektirlemek we gurluşygy boýunça tender yglan edýär

“Türkmengaz” Döwlet konserni tender boýunça kesgitleýän toparyň adyndan Daşoguz welaýatyndaky poliwinilasetat öndürýän gazhimiýa toplumyny dolulygyna proýektirlemek we gurluşygy boýunça kwalifikasion saýlama baradaky HALKARA TENDERINI yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin “Türkmengaz” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly.

Kwalifikasion resminamalar bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Kwalifikasion resminamalar bellenilen möhletde görkezilen salga möhürlenen bukjada tabşyrmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40; 40-32-50; faks (+99312) 40-32-59.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
2022