02.08.2019
05.09.2019

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody tender yglan edýär

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti

HALKARA TENDER yglan edýär.

Lot № 1 – anyklamak we işiň göwrümini, gerekli serişdeleriň we ätiýaç şaýlaryň sanawyny düzmek üçin “Gahryman Atamyrat Nyýazow” nebit we nebit önümlerini daşaýan tankeriň tutuşlygyna defektasiýasy (habarnama-smeta).

Gyzyklanma bildirýän taraplar:

  • kompaniýanyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, bellige alnan ýurduny, poçta salgysyny, telefon we faks nomerlerini, elektron salgysyny we rekwizitlerini, soňky 3(üç) ýylyň dowamyndaky maliýe ýagdaýyny, iş tejribesi baradaky doly maglumatlary görkezmek bilen tendere gatnaşmak üçin ýazmaça arza tabşyrmaly.
  • Lot üçin GBS-i hasaba almak bilen 500 (bäş ýüz) amerikan dollaryny töläp, tender resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Tendere gatnaşmak üçin resminamalar 19-njy awgusta çenli kabul edilýär.

Tender boýunça teklipler 5-nji sentýabra çenli kabul edilýär.

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti taraplaryň tender bilen baglanyşykly çykdajylary we ýitgileri üçin jogapkärçilik çekenok.

Elektron salgysy: Balkanshipyard@ gmail.com;

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993243) 4-94-46, 4-94-44, 4-94-39, faks: 4-95-41, 4-95-39.

Türkmenistan, Balkan welaýaty, ş.Türkmenbaşy, Şagadam köçesi, 8
Bulary hem okaň
2022