05.08.2019
20.09.2019

Gurluşyk we binagärlik ministrligi Gökdepe etrabynyň ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde ýaşaýyş jaýlaryň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Ahal welaýatynyň häkimliginiň buýurmagynda:

  • 2 sany bäş gatly her biri 30 öýli ýaşaýyş jaýlary;
  • 17 sany bäş gatly her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýlary;
  • 24 sany ýedi gatly her biri 42 öýli ýaşaýyş jaýlary;
  • 16 sany dokuz gatly her biri 54 öýli ýaşaýyş jaýlary.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar bildiriş çap edilen gününden başlap, 2019-njy ýylyň 20-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-47-26, 44-46-64, 44-47-56.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 84
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022