05.08.2019
20.09.2019

Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet gümrük gullugy üçin tender yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy üçin Köýtendag etrabynyň Kelif şäherçesinde Lebap welaýatynyň gümrükhanasyna degişli bolan umumy ýaşaýyş jaýynyň binasynyň durkuny özgerdip, edara jaýyna öwürmek we daş-töweregini abadanlaşdyrmak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar bildiriş çap edilen gününden başlap, 2019-njy ýylyň 20-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-47-26, 44-46-64, 44-47-56.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 84
Bulary hem okaň
2022