15.08.2019
15.08.2019

Daşoguz welaýat häkimligi potratçylary seçip almak boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda kabul eden “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamasyny” tassyklamak hakynda 11457 belgili Kararyna laýyklykda welaýatda gurulýan agyz suw arassalaýjy desgalary işe girizmek üçin zerur bolan himiki erginleri we laboratoriýa enjamlaryny satyn almak üçin potratçylary seçip almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2019-njy ýylyň 15-nji awgustyna, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (800322) 9-03-02, 9-03-14, faks: 9-30-85.

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty
Bulary hem okaň
2022