21.08.2019
30.08.2019

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy enjamlary ýuwmak hyzmatlary boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy deslapky kwalifikasiýa saýlawyny geçirmek boýunça №. CIT-19044-SR - kolonnalary, gaplary, ýyladyjylary we beýleki enjamlary we desgalary yuwmak we arassalamak hyzmatlaryny bermek boýunça TENDER yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar tendere gatnaşmak üçin arza berip bilerler. Arzada aşakdaky resminamalar we maglumatlar bolmaly:

  • tendere gatnaşmak üçin arza;
  • iş tejribesini, işiniň esasy ugruny, kompaniýanyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we esaslandyryjy resminamalaryň goşundysy bilen rekwizitlerini görkezmek bilen kompaniýa barada gysgaça maglumat;
  • soňky üç ýylda kompaniýanyň maliýe ýagdaýy;
  • soňky üç ýylda meňzeş ugurlarda alnyp barylan hyzmatlar barada maglumat;
  • gurallaryň we maşynlaryň, kolonnalary, gaplary we ýyladyjylary ýuwmak we bejermek üçin işgärleriň, şeýle hem tehniki howpsuzlygy üpjün etmek üçin aýratyn gorag serişdeleriniň ýeterlik mukdary barada maglumat;
  • ýerli kompaniýalar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine girýändigi baradaky bellige alyş şahadatnamasynyň nusgasyny tabşyrmaly.

Arzalary tabşyrmagyň soňky möhleti – tender baradaky maglymatlar çap edilenden soň 10 gün dowam edýär.

Arzalary kurýer arkaly, eletron salga ýa-da faks üsti bilen ugradyp bilersiňiz.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonyan.

Elektron salgysy: Narine.Simonyan@cnpcag.com;

Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312 44-54-34; Faks: +99312 44-50-44.

Türkmenistan, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022