20.08.2019
30.08.2019

“Hazar” konsorsiumy materiýallary satyn almak boýunça tender yglan edýär

"Türkmennebit" döwlet konserninden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken käni) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy Gündogar Çeleken käninde gurulan Centaur 50 gaz turbina desgasy üçin materiýallary satyn almak boýunça şu aşakdaky arza esasynda marketing pikir soraşmasyny geçirýär:

Arza № 692 20.08.2019 – nebit önümlerini taýýarlaýan özbaşdak ulgamda gurulan Centaur 50 gaz turbina desgasy üçin materiýallary satyn almak (2 pozisiýa).

Marketing pikir soraşmasyna gatnaşmak üçin bildiriş çap edilen gününden 10 senenama gününiň dowamynda (ýerli wagt bilen 18.00 çenli) aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

  • dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly we görkezilen salga ibermeli;
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgylar boýunça amala aşyrylýar:

1. 745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumyň edarasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 62 592 231; +993 61 76 54 88.

2. 109147, RF, Moskwa, Marksistaýa köçesi, 14/16-njy jaý, 1-nji bina, «Mitro International Limited» Kompaniýasynyň Moskwadaky wekilligi.

Habarlaşmak üçin telefon: + 7 495 748 32 31; faks+ 7 495 788 55 60.

Elektran salgysy: marketing@mitromos.com;

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat ş.
Bulary hem okaň
2022