28.08.2019
03.10.2019

“Türkmengaz” gaz himiýa kompleksiniň düýpli gurluşyk işleri boýunça tender yglan edýär

“Türkmengaz” döwlet konserni tender boýunça saýlap alýan toparyň adyndan

Daşoguz welaýatyndaky poliwinilasetat öndürýän gaz himiýa kompleksiniň taslama we düýpli gurluşyk işlerini alyp barmak boýunça

halkara tenderiniň deslapky kwalifikasion saýlawyny geçirýändigini yglan edýär.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmengaz” DK binasyna ýüz tutup bilerler.

  • deslapky kwalifikasion saýlawyna gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we alyp barýan işleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

Kwaliwikasion resminamalar bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda, 30-njy güni ýerli wagt bilen sagat 17.00 çenli kabul edilýär.

Kwalifikasion resminamalary görkezilen salga bellenen wagtda möhürlenen bukjada eltmeli.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40; 40-32-50; faks (+99312) 40-32-59.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022