29.08.2019
20.09.2019

Dokma senagaty ministrligi täze önümçilikleri enjamlaşdyrmak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Gypjakdaky S.Nyýazow adyndaky Dokma toplumynyň binalarynda hem-de Aşgabadyň S.A.Nyýazow adyndaky nah mata kombinatynyň çäginde täze önümçilikleri gurnamak we enjamlaşdyrmak üçin aşakdaky lotlar boýunça HALKARA TENDERINI yglan edýär:

LOT-1 — Bagjyk önümçiligini ýola goýmak.

LOT-2 — Egin-eşik asylýan (plastmassa) asgyçlary öndürmek.

LOT-3 — Ilik öndürýän önümçiligi ýola goýmak.

LOT-4 — Syrmalary öndürmek.

LOT-5 — Plastik galyndylardan poliefir süýümini öndürmek.

LOT-6 — Etiketka öndürmegi ýola goýmak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar. Ähli höwes bildirip gatnaşmak isleýänlere teklip edilýär:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça talapnama berilmeli;
  • bäsleşik geçirmegiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
  • bäsleşik boýunça tehniki tabşyrygy almaly;
  • getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen täjirçilik teklibini düzüp tabşyrmaly.
  • bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin ABŞ-nyň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny, şol sanda 15% GBüS tölemeli.

Bäsleşik tekliplerini görkezilen salga ibermeli. Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.

Bäsleşik teklipleri 2019-njy ýylyň 20-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-70-10, 40-71-57.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Garaşsyzlyk şaýoly, 96
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022