31.08.2019
07.10.2019

"Türkmenstandartlary" synag ölçeg enjamlaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär

"Türkmenstandartlary" baş döwlet gullugy garamagyndaky edaralara synag ölçeg enjamlaryny satyn almak üçin Bäsleşik yglan edýär.

Lot №1 – Ýangyjyň hil görkezijilerini kesgitlemek üçin niýetlenen barlaghana enjamlaryny.

Lot №2 – Balkan welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugyna gaz hasaplaýjy enjamlary barlaýan nusgalyk synag ölçeg enjamyny.

Bäsleşige gatnaşmak üçin, ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly. Bäsleşik boýunça teklipler bukjada berilmeli. Onda synag ölçeg enjamlaryny satyn almak boýunça işleriň we şol işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hyzmatlaryň maliýeleşdirilmegini milli manatda göz öňünde tutmaly.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 95-73-49, 95-73-45.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Oguzhan köçesi, 201
Bulary hem okaň
2022