03.09.2019
13.09.2019

Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy ulanylan generatorlara satuw yglan edýär

Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy aşakda görkezilen häsiýetnamaly iki sany ulanylan generatorlara ýapyk arzalar boýunça satuw yglan edýär:

Aktiw № 12687 - FG Wilson P7P1S generatory, 27 kWA (bir fazaly), hereketlendirijiniň modeli Perkins 2320/1500.

Aktiw № 12687 - FG Wilson P40 generatory, 40 kWA (üç fazaly), hereketlendirijiniň modeli Perkins 1239/1500.

Generatorlary ilçihananyň eýeçiliginde anna güni 6-njy sentýabrda 14.00-dan 16.00-a çenli we sişenbe güni 10-njy sentýabrda 14.00-dan 16.00-a çenli görüp bilersiňiz.

Düzgünler:

  • detallar söwda başlamazdan öň barlanyp bilner, ýöne “boluşy ýaly” hiç hili ýazmaça ýa-da çaklanan kepilnamasyz satylýar.
  • iň ýokary baha ýeňiji diýlip yglan ediler.
  • ýeňijiler haýal etmän satyn alan harytlaryna töleg etmeli we 2019-njy 16-njy sentýabrynda sagat 16.00 çenli ilçihanadan çykarmaly.
  • bäsleşik teklipleri ýerli pul birliginde kabul edilýär.
  • Britaniýanyň ilçihanasy islendik/ähli teklipleri kabul etmezlik hukugyny özünde galdyrýar.

Möhürlenen teklipler 13-nji sentýabrda 11.00 çenli görkezilen salga eltilmeli:

744001, Aşgabat, Britaniýanyň Ilçihanasy, Ak Altyn Myhmanhanasynyň 301-308 iş binalary.

FAO: korporatiw hyzmatlar bölüminiň ýolbaşçysy.

Elektron salgysy: ukembassy.ashgabat@fco.gov.uk;

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 12 363462/64.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Magtymguly şaýoly, 141
Bulary hem okaň