03.09.2019
22.10.2019

Gurluşyk we binagärlik ministrligi gurluşyk işleri boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Goranmak ministrligi üçin şu aşakdakylar boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär:

  • Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki harby bölümde esgerler üçin 2 sany 2 gatly 200 orunlyk ýatakhananyň, 100 orunlyk naharhananyň, 100 orunlyk awtoulaglar üçin bassyrmanyň we 50 orunlyk hammamyň taslamalaryny düzmek we gurmak;
  • Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde 2 sany 4 gatly 32 öýli gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek we gurmak;
  • Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň çäginde Suw arassalaýjy desganyň taslamasyny düzmek we gurmak.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2019-njy ýylyň 22- nji oktýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-47-26, 44-47-56.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 84
Bulary hem okaň
2022