05.09.2019
05.10.2019

“Türkmenkaliý” taslama-smeta resminamalaryny işläp düzmek boýunça tender yglan edýär

“Türkmenkaliý” Paýdarlar Jemgyýeti taslama-smeta resminamalaryny işläp düzmek hyzmaty boýunça milli manatda tender yglan edýär.

Lot № 6 - Umumy uzynlygy 43 km bolan IV derejeli awtomobil ýolunyň “ş.Magdanly – Leýlimekan obasy (Lebap welaýaty)” taslama-smeta resminamalaryny işläp düzmek hyzmaty.

Tendere gatnaşmak üçin taslama-smeta resminamalaryny işläp düzmek hyzmaty boýunça degişli tejribesi we Türkmenistanyň kanunlaryna laýyk gelýän gerekli ygtyýarnamasy bolan ähli gyzyklanma bildirýän ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar. Tendere gatnaşmaga isleg bildirýän taraplara teklip edilýär:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, guramaçylyk-hukuk ýagdaýy, emläk ýagdaýy, hukuk salgysy, salgyt kody we bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Türkmenkaliý” ÝGPJ-niň zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Kanuny bilen tanyş bolmaly;
  • degişli lot üçin 1000 manat töläp tender resminamalaryny almaly (Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. )

Bilidiriş teklipli bukjalar “Türkmenkaliý” ÝGPJ-niň edarasyna (11-nji gat) ugradylýar we bildiriş çap edilen gününden başlap 30 senenama gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon: (+993 12) 21-01-84.

Elektron salgysy: info@turkmen-kaliy.com;

Türkmenistan, ş.Aşgabat, A.Nyýazow şaýoly, 174
Bulary hem okaň
2022