16.09.2019
30.09.2019

Dokma senagaty ministrligi himiki süýümiň önümçiligini ýola goýmak baradaky tenderiň möhletini uladýar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Bäherden etrabyndaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýüplük fabriginiň çäginde himiki süýümiň önümçiligini ýola goýmak üçin öň yglan edilen HALKARA BÄSLEŞIGIŇ möhletini uzaldýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlere teklip edilýär:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, ýazmaça talapnama berilmeli;
  • bäsleşigi geçirmegiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
  • himiki süýümiň önümçiligini ýola goýmak üçin tehniki tabşyrygy almaly;
  • getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen, täjirçilik teklibini düzüp tabşyrmaly;
  • bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin ABŞ-nyň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny, şol sanda 15 göterim GBüS tölemeli.

Bäsleşik tekliplerini görkezilen salga ibermeli. Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.

Bäsleşik teklipleri 2019-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-71-57, 40-71-77.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 96
Bulary hem okaň
2022