09.09.2019
04.10.2019

“Türkmenturba” himiýa önümlerini satyn almak boýunça tenderi yglan edýär

“Türkmenturba” Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti material tehniki serişdelerini satyn almak boýunça № T/TURBA – 10 halkara tenderini yglan edýär.

Lot № 2 – Umumy, tehniki enjamlar;

Lot № 5 – Himiýa önümleri we kömekçi materiýallar.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmenturba” AGPJ edara binasyna ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • yzyna gaýtarmasyzlyk şerti bilen bäsleşige gatnaşmak üçin bir Lotuň bahasy 500 (bäş ýüz) amerikan dollary möçberde ýa-da şu barabarlykda manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) töleg tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler ýerli wagt bilen 2019-njy ýylyň 4-nji oktýabrda, ýerli wagt bilen sagat 12.00 çenli kabul edilýär.

Elektron salgysy: tturba@yandex.com;

Habarlaşmak üçin telefonlar: 24-48-34 (faks), 24-43-51, 24-48-44, 24-48-46.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly 1
Bulary hem okaň
2022