18.09.2019
01.10.2019

Balkan welaýat häkimligi himiki reagentleri satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Balkan welaýat häkimligi aşakdaky lotlar boýunça reagentleri satyn almak boýunça Bäsleşik yglan edýär.

Lot №1 — “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 35 000 kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desga üçin himiki reagentleri satyn almak.

Lot №2 — Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 50 000 kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desga üçin himiki reagentleri satyn almak.

Lot №3 — Awaza etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 70 000 000 kub metr bolan lagym suwlaryny biologiki arassalaýjy desga üçin himiki reagentleri satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşinde ýüz tutup, gerek bolan harytlaryň sanawy we möçberleri barada maglumaty welaýat häkimliginden alyp bilersiňiz.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazuw görnüşdäki ýüztutma tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşigiň teklipleri 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabryna çenli, her gün sagat 9-dan 18.00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (800222) 2-00-29, 2-00-55; faks 6-00-80.

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly, 14
Bulary hem okaň
2022