18.09.2019
27.09.2019

CNPC Türkmenistan agregatlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy deslapky kwalifikasiýa saýlawyny geçirmek boýunça Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn territoriýasyndaky GE10-1 gaz turbina elektrik stansiýasynyň agregatlarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça Tender №. CIT-19010-MR gaýtadan yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky görkezilen maglumatlary we resminamalary taýynlap tendere gatnaşyp biler:

  • tender prosesiniň nomerini we adyny görkezip, tendere gatnaşmak üçin arza ýazmaly;
  • doly adyny, hasaba alnan ýurduny, rekwizitlerini we telefon belgilerini görkezmek bilen kompaniýa barada maglumat;
  • kompaniýanyň bellige alyş resminamasy we ygtyýarlandyrylan wekiliň arza bermek hukugyna ynanç haty;
  • soňky üç ýyl boýunça kompaniýanyň maliýe ýagdaýy we audit maglumatlary;
  • soňky üç ýyl boýunça meňzeş ugurlarda alnyp barylan hyzmatlar barada maglumat;
  • CIT-19010-MR üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň asyl nusgasyny öndürijiniň ygtyýar haty;
  • ýerli kompaniýalar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine girýändigi baradaky bellige alyş şahadatnamasynyň nusgasyny tabşyrmaly

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 günüň dowamynda kabul edilýär.

Arzalary kurýer bilen, elekrton salga ýa-da faks üsti bilen ugradyp bilersiňiz.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonyan.

Elektron salgysy: Narine. Simonyan@cnpcag.com;

Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312 44-54-34; Faks: +99312 44-50-44.

Türkmenistan, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022