20.09.2019
18.10.2019

Dokma senagaty ministrligi spanbond önümçiligini ornaşdyrmak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Aşgabat şäherindäki panbarhat fabriginde polipropilenden spanbond - dokalmaýan matanyň önümçiligini ornaşdyrmak boýunça HALKARA BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan, ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar. Gyzyklanma bildirip, gatnaşmak isleýänleriň ählisine şu aşakdakylar teklip edilýär:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça talapnama berilmeli;
  • bäsleşik geçirmegiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
  • polipropilenden spanbond - dokalmaýan matanyň önümçiligini ornaşdyrmak boýunça tehniki tabşyrygy almaly;
  • getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen, täjirçilik teklibini düzüp tabşyrmaly;
  • bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin ABŞ-nyň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny, şol sanda 15 göterim GBüS tölemeli.

Bäsleşik tekliplerini aşakda görkezilen salga ibermeli.

Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.

Bäsleşik teklipleri 2019-njy ýylyň 18-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-71-77, 40-71-57.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 96
Bulary hem okaň
2022