19.09.2019
29.09.2019

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy mahabatlandyryş materiýallaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy aşakda görkezilen mahabatlandyryş materiýallaryny satyn almak boýunça söwda tekliplerini bermek üçin üpjün edijileri çagyrýar:

  • öňünden – çep künjegine ABŞ-nyň ilçihanasynyň nyşany basylan polo ýakaly köýnek (S - 200, M - 300, L - 300, XL - 200);
  • ABŞ-nyň ilçihanasynyň nyşany basylan kagyz paket (h-38sm, 26 sm, d-8sm; amerikan bristoly 230gr);
  • ABŞ-nyň ilçihanasynyň nyşany basylan bokal (keramika, 16 unsiýa, reňki: gara gök – zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda üýtgedip bolýar);
  • ABŞ-nyň ilçihanasynyň nyşany basylan depder (gaty daşly, ölçegi B5, 96 sahypaly - zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda gözden geçirip bolýar).

Ilçihana iş arzan nyrh boýunça adalatly söwda tekliplerini berjek jogapkär kompaniýa bilen satyn almak Şertnama/Buýurma baglanyşmagy göz öňünde tutýar.

Şertnama/Buýurma başdaky nyrha esaslanýar, nyrh geňeşmesi gerek ýagdaýynda bäsdeş kompaniýalaryň arasynda geçirileip bilner.

Üpjün edijiler öz tekliplerini 2019-njy ýylyň 29-njy sentýabryna ýerli wagt bilen 17.00 çenli elektron salga ugradyp bilerler.

Elektron salgysy: AshgabatPROCUREMENT@state.gov;

Türkmenistan, Aşgabat ş.
Bulary hem okaň
2022