21.09.2019
10.10.2019

Dokma senagaty ministrligi spanleýs önümçiligini ornaşdyrmak boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Aşgabadyň panbarhat fabrigiň çäginde dokalmaýan matanyň (spanleýs) önümçiligini ornaşdyrmak boýunça öň yglan edilen HALKARA BÄSLEŞIGIŇ möhletini uzaldýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan, ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar. Gyzyklanma bildirip, gatnaşmak isleýänleriň ählisine şu aşakdakylar teklip edilýär:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça talapnama berilmeli;
  • bäsleşik geçirmegiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
  • dokalmaýan matanyň önümçiligini ornaşdyrmak boýunça tehniki tabşyrygy almaly;
  • getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen, täjirçilik teklibini düzüp tabşyrmaly;
  • bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin ABŞ-nyň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny, şol sanda 15 göterim GBüS tölemeli.

Bäsleşik tekliplerini aşakda görkezilen salga ibermeli. Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.

Bäsleşik teklipleri şu ýylyň 10-njy oktýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-71-77, 40-71-57.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 96
Bulary hem okaň
2022